
Görmek. Öwrenmek. Ýerine ýetirmek. Mesihileriň köpüsi Mukaddes Ýazgynyň mehaniki ulanylyşynda ünsi jemleýärler. Makdaueller “Mukaddes Kitabyňyzy duýuň” atly kitabynda: Hudaýyň ilkibaşdaky maksady — Mukaddes Ýazgy — bu Onuň adamlar bilen gatnaşyklardan lezzet almagy üçin Özüni açmagyň usulydygyny yglan edýärler.
Awtorlar Mukaddes Kitabyň mesihileriň nähili durmuşyny düýpgöter üýtgedip biljekdigini görkezýärler:
- Çuň ýakynlyk. Hudaý adamlary şeýle bir ýaratdy welin, Onuň bilen ýakyn gatnaşyk — olaryň manyly durmuşa barýan ýeke-täk ýoludyr. Onuň ýazylan Sözi şeýle gatnaşyklary üpjün edýär.
- Gatnaşyk tejribesi. Biz Hudaýyň tabşyryklaryna boýun bolmalydyrys. Şeýle-de bolsa, Ol biziň Özi bilen we beýleki mesihiler bilen kabul etmek, şatlyk we rahatlyk ýaly zatlary bilelikde duýmagymyzy isleýär.
- Söýgide ösmek. Joş we Şon Mukaddes Ruhuň Mukaddes Ýazgylary şöhlelendirmekdäki ornuny nygtaýarlar. Olar okyjylara öwrenmäge we “hakykat Sözüni takyk ulanmaga” kömek etmek üçin subut edilen gurallary hödürleýärler. Ilki bilen, olar öwrenmek — bu mesihilere Mukaddes Kitabyň awtory Hudaýyň hut Özüni has çuňňur söýmeklerine kömek etjekdigini nygtaýarlar.
Mesihiler Mukaddes Kitap we onuň awtory bilen tanyş bolanlarynda, durmuşda paýhas, many we kanagatlanma tapýarlar.
Ruhy çopanlar, ýolbaşçylar, ene-atalar we ýaşlar liderleri üçin — Mukaddes Kitabyň aýan edýän mesihiligiň üýtgeýän durmuşyny we medeniýetini wagyz etmek we başdan geçirmek isleýän her bir adam üçin esasy guraldyr.
Languages
- Türkmen (Latin)
- Azərbaycan (Latin)
- Тоҷикӣ
Categories