IGIL-iň esgerleri bilen tussaglykda
Pýotr Ýaşek
2015-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Pýotr Ýaşek Çehiýa respublikasyna, öýüne uçmak üçin Sudanyň paýtagty Hartum şäheriniň howa menziline geldi. Ol ýerde ol Sudanyň howpsuzlyk gullugy tarapyndan ýurtda bolmagynyň asyl maksady we alyp barýan işleri barada sorag edilmek üçin saklandy. Eger olar bu barada bilseler, ol özüniň duşuşan yzarlanylýan mesihilerine howp salýardy. Saklanandan soň, uzak wagtlap sorag edilmeler döwründe, Pýotr maşgalasyna ýakyn wagtda gaýdyp barmajakdygyna düşündi ...
Muňa derek, Pýotr Sudanyň hökümeti tarapyndan yzarlanan mesihilere kömek berendigi üçin köp sanly aýratyn agyr jenaýat işlerinde aýyplandy we türmä basyldy. Ömürlik türme tussaglygyna höküm edilen we IGIL terrorçylary bilen bir kamerany paýlaşmaga mejbur edilen Pýotr türmede wagty Hudaýyň özüne güýç, batyrlyk we täze maksat berendigi baradaky şaýatlygyny gürrüň berýär.