
1907-nji ýylda “Phenýanyň täzeden dikeldilişiniň” başynda, Demirgazyk Koreýada mesihiligiň joşgun bilen çarpaýa galmasy bolup geçdi. Missioner Uilýam Bler “dogalaryň… ummasyz suwlaryň şaglawugynyň tolkuny Hudaýyň tagtyna baryp urulýan ummanyň sesi ýaly… bolup ýaňlanandygyna” şaýatlyk etdi. Elli ýyl geçenden soň, yzarlamalaryň ody şol ummany guratdy, ýöne ondan birnäçe çeşmejikler galdy. Bu — tussaglyklara we sorag edilmelere, lagerlere goýberilmelere we türmä salynmalara, ölüme we ýokarda sanalyp geçilen synaglaryň iň ulusyna, ýagny mesihileri has zalymlyk bilen yzarlaýan bu ýurtda ölmän galma synagynyň bardygyna garamazdan — göze görnüp duran hakyky howplaryň garşysyna gidip, agzalary Hoş Habary nesilden-nesle ürç edip geçiren Demirgazyk koreýaly maşgalanyň taryhy.
- Türkmen (Latin)
- Azərbaycan (Latin)
- Русский
- Тоҷикӣ