
Hudaýyň resuly: Pawlusyň başdan geçirmeleri
Şawul daşly ýoldan atyny öňürdikledip çapyp barýardy. Ol özi bilen Damask şäherine barýan erkeklere seredip, gapdalynda asylan haltany özünden göwni hoş bolup çalaja şarpyldadyp urdy.
“Hm!” — diýip, Şawul pikir etdi. — “Ahyrsoňy Mesihiň bu yzyna eýerijilerinden hemişelik dynarys!”
Şawul we onuň adamlary Iýerusalimiň hemme ýerinde mesihileri awladylar, olary tutup, türmelere dykdylar. Şawul rehimsiz haýwan ýaly mesihileriň öýlerine girip, olary weýran etdi. Tussag edilmeler baradaky myş-myşlar ýaýransoň, Mesihiň yzyna eýerijiler Damaska gaçdylar.
Birden Şawul ýagtylygy gördi. Bu Isady.
Soňrak Pawlus diýlip atlandyrylan bu Şawul başga adam boldy. Ol indi mesihileri yzarlamady ýa-da türmä salmady. Ol ýurtdan-ýurda aýlanyp, Isa Mesihiň — Hudaýyň Ogludygyny adamlara gürrüň berdi.
Köp adamlar Pawlusyň aýdan gürrüňlerini halamadylar we ony türmä salmaga, daşlamaga we hatda öldürmäge synanyşdylar. Şeýle-de bolsa, bu synaglaryň hiç biri batyr resuly saklamady. Ol Isa Mesih hakda başgalara gürrüň bermegini dowam etdirdi. Yzarlanmalar diňe Hoş Habaryň gitdigiçe has köp ýaýramagyna goşant goşdy.
Siziň häzirki okajak hekaýaňyz Pawlusyň missionerlik syýahaty hakda däl. Bu hekaýab — Pawlusyň köp halklara Hoş Habary wagyz edende başdan geçirmeli bolan yzarlanmalary, synaglary, görgüleri hakdadyr we bu täsirleriň her biri batyrgaý hoşhabarçy üçin Mesih barada şaýatlyk etmäge täze mümkinçilikler açdy.
Isa şägirtlerine Öz ady üçin görgi görmek mesihi durmuşynyň adaty bir bölegidigini duýdurdy. Biz görgüleri islemeýäris, ýöne käwagt olar durmuşymyzda ýüze çykýar. Goý, Pawlusyň Mesih üçin gören görgüleriniň hekaýalary Hudaýdan güýç dileýän çagalaryňyzy we özüňizi ruhlandyrsyn, Hudaýyň biziň üçin taýýarlan “pellehanasyna ýetmek üçin” we imanymyzy ahyryna çenli dowam etdirmek üçin Onuň adyny goldaýan her bir adama Ol muny wada berdi!
- Türkmen (Latin)
- Azərbaycan (Latin)
- Русский