Kitabi KnigiKITABI-KNIGI

Söýginiň Bäş Dili

Geri Çepmen

URL copied to clipboard
Language
Türkmen (Latin)
Categories

Söýginiň Bäş Diline Düşünmeklik Hemmeler Üçin Mahsus (diňe är-aýal jübütleri üçin däl)

Biziň töweregimizi köp mukdarda adamlar gurşap alýar — emma şonda-da biz özümizi köplenç ýalňyz duýýarys. Siziň sallahlygyňyza ýa-da nikadadygyňyza garamazdan — size ýöne bir söýülmek gerek!

Eger siz söýgini peşgeş bermegi we kabul edip almagy isleýän bolsaňyz, ilki bilen siz öz garyndaşlaryňyza we tanyşlaryňyza ýakyn we düşnükli bolan söýginiň dilinde gürlemegi öwreniň. Dürli häsiýetli dürli adamlar söýgüni dürlüçe ýüze çykarýarlar. Söýginiň bäş sany esasy dili bardyr:

  • Ruhlandyryjy Sözler
  • Sowgatlar
  • Kömek
  • Wagt
  • Fiziki Galtaşma

Başda doktor Geri Çepmeniň iň köp satylýan bu kitaby diňe nikadaky jübütlere salgylanylypdy, ýöne görlüp oturylsa söýginiň bäş dili hemmelere mahsus ekeni. Şonuň üçin hem nikada bolmadyk adamlary juda gyzyklandyrýan soraglaryna we mätäçliklerine jogap bermek üçin bu kitabyň düzümi giňeldildi.

Eger-de siz oglan (gyz) bilen halaşýan bolsaňyz, ýekelikde çaga terbiýeleýän bolsaňyz, işdeşleriňiz ýa-da dostlaryňyz bilen aragatnaşyk gurýan bolsaňyz — olara düşnükli bolan söýginiň dilinde gürlemegi öwreniň. Bu size islendik ýagdaýda kömek eder.

Siz töweregiňizdäki ähli adamlara söýgi peşgeş berip we kabul edip başlanyňyzda hakyky şatlygy başdan geçirersiňiz!