KITABI-KNIGI

Men — „N“

"Ejir çekenleriň sesi"
Read

Siz haçan hem bolsa bir wagt Isanyň yzyna eýermegiň tölemeli bahasy hakda pikirlenip görüpdiňizmi?

Mukaddes Kitabynyň bardygy sebäpli, öldüriljekdigini aýdyp, ejesi tarapyndan haýbat atylan Ýusef, birwagtlar maşgalasynyň gizlin ýol bilen ýurda neşe serişdelerini getirişi ýaly, Mukaddes Kitaby alyp gelýär.

Parwin atly gyzyň ýygnaga gatnaýandygy sebäpli hojaýyn aýalyň ony urýandygyna garamazdan, ol musulmanlaryň öýlerinde işleýän beýleki ýaş mesihi gyzlara kömek edýär.

Аbdulmaşi imandan dolup, täze ýaşaýşy alyp, Hudaýa bolan söýgüsiniň hatyrasyna hemme zady pida eden gününe çenli, hiç hili wyždan gynamasyny duýman, demirgazyk Nigeriýada ýüzlerçe mesihileri öldürdi.

Dünýäniň garaňkylygynda nury şöhle saçýan, yklymyň dürli ýurtlarynda ýaşaýan doganlarymyz özleriniň Hudaýyň güýji hem wepalylygy hakdaky ajaýyp şaýatlyklary arkaly bizi nähili ruhlandyryp hem hyjuwlandyryp bilýärler! Biz nädip olar üçin dileg etmäli?

Men — „N“ atly kitap, radikal musulmanlaryň Nasyraly Isanyň yzyna eýerýänleri atlandyryşy ýaly, biziň hem, her birimiziň „N“ digimizi ýatlatma maksady bilen ýazyldy. Biz nirede ýaşasak-da, içimizde hereket edýän Mukaddes Ruh bizi mesihilik maşgalasyna degişlidigimiz üçin yzarlanylýanlar bilen deň edýär. Yzarlanylýan mesihiler bilen tanyş boluň. Olaryň şaýatlyklaryny okaň. Bu garaňky we günäli dünýäde hem olara, hem bize Mesihiň nury bolmaga batyrlyk berýän Hudaýa bolan imanda berkäň.

  1. i-am-n--tk-latn
    pdf
    Open
  2. i-am-n--tk-latn
    epub
    Download
Languages
Categories