Yslamyň ösen paýtagty bolan Müsürde sekiz musulmanyň üýtgeşik başdan geçiren wakalary, olaryň tä hakykaty tapýançalar, gözleglerini yhlas bilen nähili dowam edendikleri barada okaň.
Musulman janköýeri mesihilere degişli dükanlary we öýleri näletleýär we olary talaýar. Haçanda ol ybadathana kürsäp girende, onuň mesihilere bolan ýigrenji ýetjek derejesine ýetýär. Soňra ol „ýalan taglymaty“ paş etmek üçin, Mukaddes Kitaby okamagy ýüregine düwýär. Emma Mukaddes Ýazgylarda özüne aýan bolýan Şol Biri onuň ýüregini üýtgedýär we ol özüne täze at saýlaýar: Pawel.
Çuňňur öwrenmezden haýsy diniň dogrudygyny ýa-da nädogrydygyny yglan etmek gaty bir ýeňil däldigine düşünen iki sany musulman dost haýsy ynamyň hakykatdygy barada anyk soraglar berýärler. Olar hakyky Hudaýy tapmak üçin yhlas bilen ýadamazdan öz gözleglerine başlaýarlar. Köp sanly ukysyz gijelerden soň, käte jogapsyz soraglaryň toplumyna düşüp, ahyrynda öz gözlegleriniň Maksadyny tapýarlar.
Leýla atly ýaş gyz mesihilige degişli soraglar berendigi üçin kakasy we mugallymy tarapyndan urlup ýenjilýär, emma muňa garamazdan, ol öz Jogabyny tapýar.
Musulman wagyzçysy Ybraýym tutuş ýüregi bilen Muhammede eýermek isläp, öz öýünden mesihi kitaplaryny çykaryp zyňýar. Biraz soň Ybraýym Hudaý bilen rahatlyk tapanda, onuň maşgalasy we dostlary ondan ýüz öwürýärler.