
Bir adamlyk kameralarda geçirilen aýlar, fiziki taýdan yzygiderli gynamalar ýyllary, açlykdan we sowukdan ýaňa hemişe ejir çekmeler, „beýniňi arassalama“ we ahlak zalymlyk — bulary kommunistik türmesinde geçiren 14 ýylynyň içinde rumyn ruhy çopany çekmeli boldy.
Onuň jenaýaty, başga-da, müňlerçe adamlaryň jenaýaty ýaly, Isa Mesihe bolan yhlasly iman edendiginde we şol iman hakda köpçüligiň öňünde çykyş etmesinde jemlenendi.
Öýlerde, ýerzeminlerde we tokaýlarda duşuşmak, käwagt dagy jemgyýetçilik ýerlerinde wagyz etmäge het etmek bilen bu wepaly ýürekler, nähili güne düşjekdiklerini bilseler-de, özleriniň mesihilik şaýatlyklaryny dowam etdirdiler.
Olaryň taryhy — batyrlygyň, çäksiz imanyň we akla sygmajak çydamlylygyň klassiki nusgasydyr. Gizlin ýygnagyň bu taryhy dünýäniň häzirem köp ýurtlarynda dowam edýän göreşini şöhlelendirýär.
- Türkmen (Latin)
- Azərbaycan (Latin)
- Лезги
- Русский
- Тоҷикӣ
- Ўзбек (Кирил)