KITABI-KNIGI

Wurmbrandlar - Mesih ugrunda gynalanlar: Doly taryh

"Ejir çekenleriň sesi"
Link copied to clipboard
Read

Dünýäni üýtgeden ruhy çopan we onuň aýaly

1948-nji ýylyň 29-njy fewralynda Riçard Wurmbrand Rumyniýanyň howpsuzlyk gullugy tarapyndan tussag edildi. Ol näme jenaýat etdi? Mesihilik ýygnaklaryny geçirmek we Mesihe şaýatlyk etmek – bu işleriň ikisi hem Rumyniýada ateist kommunistik režiminiň dolandyrýan döwründe kanuna garşy bolup durýardy.

Riçard on dört ýyl türmede oturdy. Ony gynadylar, ýençdiler we ýeke saklanýan kamera gabadylar. Sabina Wurmbrand üç ýyl zähmet lagerinde bolup, Dunaý kanalynyň gurluşygynda beýleki tussaglar bilen bile işläp, sowukdan ýaňa tas doňup galypdy. Gözenegiň aňyrsynda adamsynyň ölendigine ony ençeme gezek ynandyrmaga synanyşdylar.

Şeýle-de bolsa, Riçard we Sabina Wurmbrandlaryň Mesihe bolan sarsmaz ynamy bardy, olaryň ikisi-de umydyny ýitirmedi we Isa hakda şaýatlyk etmeklerini bes etmedi.

Bu kitapda ilkinji gezek olaryň durmuşynyň ajaýyp taryhynyň iki tarapy hem bir ýere jemlenen. “Wurmbrandlar” kitaby Riçard we Sabina Wurmbrandlar barada beýan etmek bilen, “Ruhy çopanyň aýaly”, “Hudaý bilen gizlinlikde” we “Mesih üçin gynalanlar” atly kitaplarda ýazylyp beýan edilen olaryň terjimehallaryny, şeýle hem dokumental derňewleri birleşdirýär. Biz siziň ýazyjy bilen iň garaňky türme kameralaryna aýlanyp, özüni Oňa bütinleý bagyş edenleriň ýüreginde Mesihiň nurynyň nädip şöhle saçýandygyny görmek üçin imanyňyz güýçlener diýip umyt edýäris.

  1. wurmbrand-tortured-for-christ-the-complete-story--tk-latn
    pdf
  2. wurmbrand-tortured-for-christ-the-complete-story--tk-latn
    epub