Biziň köpimiz mesihileriň imany ugrunda görgi görýändiklerini eşiden bolsak-da, yzarlamalar geçmişdäki mesihileriň durmuşynda bolup geçdi ýa-da bizden uzakda, mesihilige duşmançylykly territoriýalarda ýaşap, Mesihe bolan imanyny yglan edýänleriň durmuşynda entegem bar diýip pikir etmäge meýilli bolýarys. Bu kitap yzarlamalary häsiýetlendirýän duşmançylykly hereketleriň dürli derejeleriniň bardygyna biziň gözlerimizi açýar-da, bu günäli dünýäde Ýoldan ýöreýänleriň hemmesiniň öz durmuşynda yzarlanmalara garaşyp bilýändiklerini görkezýär.
“Ýoldaky kynçylyklar” kitaby okyja diňe bir yzarlamalaryň dürli görnüşlerini görmäge we tapawutlandyrmaga kömek etmän, eýsem olara garşy durmagy hem öwredýär. Bu kitap “ýyladyşhanadaky” mesihiligi wagyz etmeýär-de, tersine, janly, täsirli hem-de diňe bir ölmän galman, eýsem hatda dowzahyň derwezesiniň öňünde hem gülläp oturan ýeňişli imany wagyz edýär.
Kitabyň awtory Floýd Brobbel bize ýakyn we daşda bolan Hudaýyň yzarlanylýan ýygnagynda özüniň köp on ýyllyklaryň dowamynda toplan tejribesini paýlaşanda, okyjylaryny şu zatlary ýerine ýetirmäge çagyrýar:
- bu ýalançy dünýäde Hudaýyň Ýygnak babatdaky maksadyny görmäge;
- Mesihiň Özüniň yzarlanmalara nähili döz gelendigini we olara nähili jogap berendigini bilmäge;
- geçmişde we biziň günlerimizde yzyna eýerijileriň Onuň çeken ejirleri arkaly Mesihi nädip miras alyşlaryny öwrenmäge;
- yzarlamalaryň kömegi bilen duşmanyň mesihilik ynamyna we şaýatlygyna nädip päsgelçilik döredýändigine göz ýetirmäge;
- ýoluňyzda duş geläýjek islendik yzarlanmalara ynam hem söýgi bilen jogap bermegi öwrenmäge.
- Türkmen (Latin)
- Azərbaycan (Latin)
- Русский
- Тоҷикӣ