GADYRLY DOSTUM!
Seni şeýle atlandyrmaga we seniň bilen «sen» diýip gürleşmäge rugsat et. Seniň bu kitapçany eliňe alanyňa men şat. Öz isleýän zadyňy tapmagyňy we almagyňy men çyn ýüregimden arzuw edýärin.
Mukaddes Ýazgy Hudaý hakynda: «Sen rehimdar adama rehimdarlyk bilen daraýarsyň, päk ýürekli adama ýürekden garaýarsyň» — diýýär. Eger sen ýürekden gözleseň we halas bolmaga teşne bolsaň, eger sen ýürekden Hudaý bilen parahatçylykda bolmagy, Onuň islegi boýunça hereket etmäge güýç, ygtyýar we azatlyk almak isleseň, onda Ol saňa kömek eder. Men saňa eýýäm bu ýoly geçen, iň bolmanda, ol ýoly bölekleýin geçen adam hökmünde ýazýaryn, sebäbi entegem men ýolda. Meniň maslahatlarym Mukaddes Kitaba, şahsy tejribäme we örän köp adamlaryň tejribelerine esaslanýar.
Halas bolmaga hem azatlyk almaga barýan bu ýoluňda, belki, birinji, ýöne örän wajyp hem zerur ädimleri ätmegi saňa maslahat berýärin. Göge barýan ýolda saňa ýoldaşyň bolup bilýändigime men örän şat.
Waldemar Zorn
- how-to-find-the-meaning-of-life--tk-latnpdfОткрыть
- how-to-find-the-meaning-of-life--tk-latnepubСкачать
- Türkmen (Latin)
- Azərbaycan (Latin)