Siz bu kitabyň türkmen dilindäki birinji neşirini eliňizde tutup dursuňyz. Georgiý Wins „demir tutynyň“ aňyrsynda imanyňy wagyz etme babatdaky işleriň nähilidigini Günbataryň mesihilerine habar bermek üçin ony 1989‑njy ýylda iňlis dilinde düzdi we çap etdi. Вu kitap, kommunistik sistemanyň Mesihe ynanýanlaryň başyndan inderen yzarlamalaryna, türmelerine, lagerlerine, gynamalaryna, çydardan agyr gelýän işlerine we başga‑da köp zatlara seretmezden, bu zatlaryň hemmesine döz gelip we Rebbe wepaly bolup galyp bilen mesihiler hakdadyr. Sowet imperiýasynyň darganyna, hudaýsyz ateistik režimiň ýykylanyna ýigrimi ýyldan‑da köp wagt geçdi, ýöne bu adamlaryň durmuş taryhy, olaryň tejribesi örän möhüm we gereklidir şu gün, haçan dünýäniň köp ýerlerinde, şol sanda hem öňki SSSR‑iň käbir ýurtlarynda mesihiler yzarlanýarlar.
Bu kitapda siziň duş geljek adamlaryňyzyň köpüsi eýýäm bakyýete gitdiler, ýöne Hudaýyň hasyl meýdanynda öz gullugyny häzirem dowam etdirip ýörenlerem bar.
Siz bu kitapdan özleriniň ýerdäki ýoluny Rebbe we Halasgär Isa Mesihe bagyş eden adamlaryň çeken jepalary, ýeňişleri, gaýgy‑hasratlary we şatlyklary hakda bilersiňiz.