Mesihilik ynamynyň esasy hakykatlarynyň biri – hiç bir adam Isa Mesihsiz Hudaýy tanap bilmeýändiginden ybarat. Şeýle hem, Mukaddes Ruhuň ylhamy arkaly bolmasa, Ony görmek we Mesihi Reb hökmünde ykrar etmek hiç kime berilmändigi hakykatdyr. Resul Pawlusyň “Mukaddes Ruhdan doluň” diýip beren buýrugy bu günem her bir mesihi üçin hökmanydyr; bu buýrugy inkär etmek bilen mesihi Mukaddes Ruhuň doldurýan döredijilik güýjünden we şatlygyndan mahrum bolup biler.
Roý Hessionyň ýygyndysyna: “Golgotanyň nyşany astynda”, “Biz Isany görmek isleýäris”, “Bu gün Mukaddes Ruhdan doluň” atly kitaplary degişlidir. Bu kitaplarda awtor örän möhüm hakykaty gorap saklaýar. Ol mesihiniň durmuşynda iň möhüm zat – Mukaddes Ruhdan dolup, Isa Mesihe meňzemekdigine ynanýar.
- Türkmen (Latin)
- Azərbaycan (Latin)
- Тоҷикӣ