
Bu 40 sapakdan ybarat okuw kursynyň her bir bölümi bizi Isa tarap nähili ugrukdyrýandygyny görmek bilen, sizi Mukaddes Kitap hekaýalary arkaly alyp gidýär. Bütin ýoluň dowamynda, okuw kursy Merkezi Aziýa medeniýetimize degişli meselelere salgylanýar. Her sapak köp soraglardan ybarat we jogaplaryň hemmesi sapagyň ahyrynda ýerleşýär. Şeýlelik bilen, bu okuw kursy Mukaddes Kitaby bilýän ähli derejeli mesihiler tarapyndan ulanylyp bilner. Esasy maksat ähli mesihilere Hudaýyň sözüni okamagy söýmegi öwrenmäge kömek etmekdir.