
Eger biri-biriňizi söýseňiz, hemmeler siziň Meniň şägirdimdigiňizi bilerler. - Ýohanna 13:35
Biz biri-birimizi söýmelidigimizi bilýäris, ýöne köplenç bu bize kyn düşýär. Bozulan gatnaşyklar diňe bir ýygnagyň durmuşyny zaýalaman, eýsem başgalaryň Isany tanamagyna päsgelçilik döredýär.
Bu alty sapak siziň maşgalaňyzda we ýygnagyňyzda biri-biriňizi has gowy söýmäge kömek eder. Olar şu mowzuklary öz içine alýar:
- Gowy Çopanyň yzyna eýermek — bu siziň başgalary gowy söýüp biljekdigiňiziň esasydyr;
- gowy diňlemek — söýgiňiziň iň uly subutnamasydyr;
- duýgularyňyza düşünmek we paýlaşmak — olar bize gözegçilik etmez ýaly;
- günäni berk ýazgarmak — mukaddeslige barýan ýolda birek-birege kömek etmek üçin;
- dawa-jenjelleri çözmek — siz ýygnaklaryňyzda ýa-da maşgalaňyzda dawa-jenjelleriň ulalmagyna ýol bermezlik üçin;
- gam-gussa düşünmek — siziň erbet gynanmagyňyz we gynananlarynda başgalara kömek etmek.
Siz bu pikirleri durmuşda ulanmaga çalşanyňyzda, bu sapaklary gaýta-gaýta öwrenmek islärsiňiz. Şeýle etseňiz hemmeler sizi Isanyň hakyky şägirtleridigiňizi bilerler!
Часть коллекции
Alfa we Omega
Языки
- Türkmen (Latin)
- Azərbaycan (Latin)
- English
Категории